1. Umumy düzgünler.
1.1 Şu "Maýa goýum Ylalaşygy", mundan beýläk "Ylalaşyk", bir tarapdan - Gallina Farm towuk fermasy, mundan beýläk - "Alyjy", we beýleki tarapdan Internet ulgamynyň ulanyjysy, mundan beýläk, "Maýa goýujy" arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy resminama bolup durýär.
1.2 Ylalaşyk Maýa goýujy tarapyndan 2 bölümde görkezilen Ylalaşygyň mazmuny bilen tanyşan we 4 bölümde görkezilen tertipde onuň şertleri bilen razylaşan pursatyndan başlap güýje girýär.
1.3 Alyjy Maýa goýuja Saýtyň we Ykjam programmanyň hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün edýär. Saýtyň we Ykjam programmanyň hyzmatlary şu Ylalaşyk we aýrylmaz bolegi bolup durýan Şahsy maglumatlary gaýtadan işlemek Kadalary- 4 bölümiň esasynda düzgünleşdirilýär.
1.4 Şu Ylalaşykda ulanylýan düşünjeler we kesgitlemeler:
1.4.1 Saýt - gallinafarm.com salgysy boýunça ýerleşýän we şu Ylalaşyk bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklaryň Internet ulagymyň bölegi.
1.4.2 Ykjam programma - Saýtyň ykjam enjamlar üçin niýetlenen görnüşi.
1.4.3 Alyjy - Saýtyň eýesi, biznes-taslamany giňeltmek üçin maýa goýumlary çekýän Gallina Farm towuk fermasy.
1.4.5 Maýa goýujy- Gallina Farm towuk fermasyna maýa goýum edýän Internet ulgamynyň ulanyjysy.
1.4.6 Maýa goýumlar- Maýa goýumçy tarapyndan Alyjynyň hasabyna geçirilen ähli serişdeleriň möçberi.
1.4.7 Şahly maglumat - Maýa goýujy tarapyndan Saýtda hasaba alyş edilende girizilýän maglumat.
2. Ylalaşygyň mazmuny
2.1 Şu Ylalaşyga laýyklykda Alyjy Maýa goýuja Saýtyň we Ykjam programmanyň ähli hyzmatlary bilen peýdalanmaga hukuk berýär, şol sanda üýtgeşmeler we täzelenmeler bilen birlikde.
2.2 Şu Ylalaşygyň 4 bölüminde görkezilişi ýaly hasaba alyş ýerine ýetirilenden soň Maýa goýujy Alyjynyň hasabyna özüniň kesgitlän mukdarynda pul serişdesiniň 6 bölümde görkezilen usullaryň birisi arkaly amala aşyrýar.
2.3 Pul serişdeleriniň geçirilen gününiň ertesinden Alyjy Maýa goýuja her aýda 50% düşewünt hasaplaýar. Maýa goýujy tarapyndan birnäçe gezek pul serişdeleri geçirilen ýagdaýynda, düşewüntler her geçirime aýry-aýry hasaplanýar.
2.4 Maýa goýujy geçiren pul serişdelerini 12 sagadyň içinde yzyna gaýtaryp almak islese, Alyjy olary 100% möçberde yzyna gaýtaryp berýär. Maýa goýujy geçiren pul serişdelerini 12 sagatdan soň yzyna gaytarmak islese, Alyjy maýa goýumyň 50% möçberini yzyna gaýtaryp berýär. Bu ýagdaýda Alyjy guramaçylyk, logistika we beýleki çykdajylaryň bahasyny tutup galýar.
3. Taraplaryň hukuklary we borçlary
3.1 Pul serişdeleriniň geçirilen gününden başlap Maýa goýujy olaryň ulanyşygy, düşewüntleriň hasaplanan döwri we möçberi barada aýlyk hasabat görnüşinde maglumat almaga hukugy bardyr. Şeýle hem Maýa goýujynyň şu Ylalaşygyň 8 bölümine laýyklykda hasaplanan düşewüntleri çykarmagyň usullary barada maglumat almaga hukugy bardyr. Bu hukuk Maýa goýuja şahsy otaga girmäge rugsat berilmesi bilen amala aşyrylýar.
3.2 Maýa goýuja Alyjy bilen gatnaşyklary boýunça ýüze çykan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin Alyjynyň sosial torlardaky toparlaryna gatnaşmaga rugsat berilýär.
3.3 Maýa goýujynyň Saýtyň, Ykjam programmanyň ýa-da şu Ylalaşygyň işinde bolýan üýtgeşmeleri we täzelenmegi barada elektron poçtasy, tazelikler paýlaşygy we Alyjynyň sosial torlardaky toparlarynyň üsti bilen duýduryş almaga hukugy bardyr.
3.4 Maýa goýujy - Alyjynyň sosial torlaryndaky toparlaryna gatnaşmakda moral-ahlak kadalaryny we şu Ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmäge borçlanýar.
3.5 Alyjy - Maýa goýujy tarapyndan şu Ylalaşygyň düzgünlerini ýa-da sosial torlardaky toparlarda özüňi alyp barmak kadalaryny bozan ýagdaýlarynda, onuň şahsy hasabyny duruzmaga hukugy bardyr.
3.6 Alyjy şu Ylalaşygyň 4 bölümine laýyklykda Maýa goýujy tarapyndan oňa berilen şahsy maglumatlaryň gizlinligini berjaý etmäge, maýa goýumlaryň we düşewüntleriň hasabatyny ýöretmäge, Maýa goýujynyň şahsy otagynda aýlyk hasabatlaryny bermäge borçlanýar.
3.7 Alyjy diňe Saýtda, Ykjam programmada we sosial torlaryň toparlarynda ornaşdyran maglumatlaryň dogrulygyna, anyklygyna, dolylygyna we hiline jogapkärçilik çekýär. Alyjy Saýtda, Ykjam programmada we sosial torlaryň toparlarynda Internet ulgamynyň ulanyjylary tarapyndan ornaşdyrylan maglumat üçin jogapkärçilik çekmeýär.
4. Hasaba almak we şahsy maglumatlary işlemegiň Kadalary
4.1 Saýtyň we Ykjam programmanyň ulanyşygynda Maýa goýujy hasaba alyş tertibini ýerine ýetirýär we özüniň ady, familiýasy, telefon nomeri, elektron poçtasynyň salgysy we ş.m. maglumatlary işlemek üçin berýär.
4.2 Maglumatlaryň berilmesi Maýa goýujyny kesgitlemek, onuň geçiren pul serişdeleriniň hasabatyny ýöretmek, düşewüntlerini hasaplamak, serişdelerini çykarmak, analiz etmek we aýlyk hasabatlaryny bermek üçin Maýa goýujy tarapyndan meýletin amala aşyrylýar. Maýa goýujy özi barada berilen maglumatlaryň hakykada laýyklygy barada şahsy jogapkärçilik çekýär.
4.3 Maýa goýujynyň Saýtda ýa-da Ykjam programmada hasaba alynmagy we öz şahsy maglumatlaryny bermegi onuň şu Ylalaşygyň şertleri bilen tanyşanlygynyň tassyklanmasy we razylaşmagy bolup durýar.
4.4 Alyjy - Maýa goýujynyň şahsy maglumatlarynyň başga şahslara we guramalara Gruziýanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda berilip bilinmejekligini kepillendirýär.
4.5 Gerek bolan halatynda Alyjy Maýa goýujydan şahsy maglumatlaryň üstüni dolmak üçin goşmaça maglumaty sorap biler.
4.6 Maýa goýujy tarapyndan nädogry ýa-da galp şahsy maglumat berilen ýagdaýlarynda Alyjy onuň şahsy hasabyny ýatyrmaga hukugyny öz ygtyýarynda galdyrýar.
5. Töleg
5.1 Alyjynyň hasabyna töleg geçirmek Saýtda we Ykjam programmada göz öňünde tutulan usullaryň biri arkaly ýerine ýetirilip bilner. Pul serişdeleriniň geçirilmeginiň islendik başga görnüşi diňe Alyjy we Maýa goýujy tarapyndan ara alnyp maslahatlaşandan soňra kabul edilip biliner.
5.2 Maýa goýujy - Alyja geçirilen pul serişdeleriniň tassyknamalaryny bermelidir. Berilen tassyknamalar esasynda Alyjy geçirilen serişdeleri Maýa goýujynyň şahsy hasabynda görkezýär.
5.3 Maýa goýujy pul serişdeleriniň geçirimi diňe Alyjy tarapyndan berilen, Saýtda ýa-da Ykjam programmada ornaşdyrylan maglumatyň esasynda ýerine ýetirýär. Alyjy Maýa goýujy tarapyndan ulanylyp, pul serişdeleriň geçirilmesinde ýitmegine getirip biljek ýalňyş maglumat üçin jogapkärçilik çekmeýär.
5.4 Maýa goýujynyň Saýtda ýa-da Ykjam programmada pul serişdelerini geçirmegi onuň şu Ylalaşygyň şertleri bilen tanyşanlygynyň tassyklanmasy we razylaşmagy bolup durýar.
6. Serişdeleriň çykarylmasy
6.1 Pul serişdeleriniň, hasaplanan düşewüntleriň, şahsy hasapda jemlenen möçberleriň çykarylmasy diňe Saýtda ýa-da Ykjam programmada görkezilen usullaryň biri arkaly ýerine ýetirilip biliner. Pul serişdeleriniň çykarylmasynyň islendik başga görnüşi diňe Alyjy we Maýa goýujy tarapyndan ara alnyp maslahatlaşandan soňra kabul edilip biliner.
6.2 Pul serişdeleriniň çykarylyşy Maýa goýujy tarapyndan özbaşdak ýerine ýetirilýär.
6.3 Alyjy töleg ulgamlarynyň serişdeleri çykarmak üçin alýan tölegleri we göterimleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.
6.4 Alyjy - Maýa goýujy tarapyndan ulanylyp, pul serişdeleriň çykarylyşynda ýitmegine getirip biljek ýalňyş maglumat üçin jogapkärçilik çekmeýär.
6.5 Maýa goýujynyň Saýtda ýa-da Ykjam programmada pul serişdelerini çykarmasy onuň şu Ylalaşygyň şertleri bilen tanyşanlygynyň tassyklanmasy we razylaşmagy bolup durýar.
7. Jedelleriň çözülmegi
7.1 Alyjy we Maýa goýujynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijesinde ýüze çykyp biljek jedeller şu Ylalaşygyň we özara pikir alyşmagyň esasynda çözülmelidir.
7.2 Jedelleriň özara pikir alyşmagyň esasynda çözülip bilinmedik ýagdaýynda, olar Gruziýanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli guramalar tarapyndan seredilýär.
7.3 Hukuk goraýjy guramalaryň jedelleri çözmegiň netijesi taraplaryň ikisi üçin hem gutarnykly we ýerine ýetirmäge hökmany bolup durýar.